Döndi döwür ýamana

Eý, agalar, aglar men, geldi, geçdi zamana,

Bagşy gadry bilinmeý, döndi döwür ýamana,

Ýaman aldy jahany, dönmez dili ymana,

Köp pakyrlar aglaşyp, geler andan amana,

Istäri bar az wagtdan derhem bolsa zamana

Ne sapaly günmüşdik, deň-duş bile baş goşman.

Başyň gara bilmediň, ne dost bildiň, ne duşman,

Eý, ýaranlar, sud etmez imdi etseň müň puşman,

Dünýäsine dolaşman, ogul-gyza bulaşman,

Ne hözirli günmüşdik bolup gitsek diwana.

Düşmegin ham hyýala-dünýä gelen ölmezler,

Gelen geçer dünýäden, biri aman galmazlar,

Janlar çekip çagyrsaň, dogry ýola gelmezler,

Her ne bolsa ýuwtarlar, haram, halal bilmezler,

Diýrler: Hakdyr Muhammet, uýupdyrmyz «Kurana!»

Döwran, niçik döwran sen, garyp aglar, il dynmaz,

Zulmy artar zalymyň, hiç köňlüne rehm inmez,

Jahany ýakdy gitdi, ýamanyň ady sönmez,

Bir Muhammet hatyrna ýer ýarylmaz, gök inmez,

Çarh guwanar bu işe, bolmaz ahyrzamana.

Gapyl galdym, ýaranlar, öz-özümden riştim ýok,

Hakdan gaýry hiç ýerde penahym ýok, puştum ýok,

Pikir bahryna girdim, ýelkenim ýok, keştim ýok,

Magtymguly, men mundan çykar ýaňlyg deştim ýok,

Elim bersem, tutan ýok, düşdüm düýpsüz ummana.

 از میان کامنتهای خوانندگان محترم « کمال »

پاسخی بگذارید

در پایین مشخصات خود را پر کنید یا برای ورود روی شمایل‌ها کلیک نمایید:

نشان‌وارهٔ وردپرس.کام

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری WordPress.com خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

تصویر توییتر

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Twitter خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

عکس فیسبوک

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Facebook خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

عکس گوگل+

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Google+ خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

درحال اتصال به %s


%d وب‌نوشت‌نویس این را دوست دارند: