MAGTYMGULY DÜÝPSÜZ UMMAN

«Şahyryň 282-nji ýyl hatyrasyna bagyşlanyp geçiriljek sazly-edebi duşuşyk hakda»

Gadyrly ildeşler!

Ozal habar berişimiz ýaly Maý aýynyň 22-sine milli şahyrymyz, beýik akyldarymyz Magtymgulynyň poeizýa baýramçylygyny dabara bilen belleýäris.

Mejlisimiz açyk pikir alyşmalara, dürli öý-düşünjeleriň ara atylmagyna, şahyrymyz hakda aýdyljak garaýyşlara doludan doly açykdyr.

Gyzgyn diskusiýalar, arassa pikirler, biziň medeni-edebi oturşygymyzyň görkäna bezegi bolar. Hut şahyryň özi aýtmyşlaýyn:

«Magtymguly sözle herne bileniň,

Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,

Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň

Senden soňkukara ýädigär bolsun.»

Magtymguly Foto2a

Edebi-sazly oturşygymyz diňe pikir alyşmalar bilen çäklenmän, eýsem joşgunly, şagalaňly aýdym-sazam mejlisimiziň has bezegi bolar.

Edebi-medeni hem sazly oturşygymyzň diňe Türkmen dilinde alnyp baryljagy-da ýörite nygtaýarys.

Elbetde «Medeni Ojagymyz» ildeşlerimiziň ara atjak manyly geňeş-maslahatyny-da göz öňünde tutup gelýändir. Şonuň üçin siziň berjek döwletli maslahatlaryňyz oturşygymyzyň görküni baýlaşdyrar.

OBS: MAKALA OKAJAKLAR 17-NJI MAÝA ÇENLI ŞU TELEFON NOMER BILEN HABARLAŞSYN:
0046- (0) 73 371 2797

DUŞUŞYGYŇ WAGTY WE MEKANY:
22 MAJ KL 19.00-23.00
VASS GATAN 3 D FRÅN MARIEHOLMSGATAN SETIN KULTURFÖRENINGENS LOKAL

HORMAT BILEN:
TÜRKMEN KULTUR OJAGY- GÖTEBORG.
2015.05.05

پاسخی بگذارید

در پایین مشخصات خود را پر کنید یا برای ورود روی شمایل‌ها کلیک نمایید:

نشان‌وارهٔ وردپرس.کام

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری WordPress.com خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

تصویر توییتر

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Twitter خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

عکس فیسبوک

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Facebook خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

عکس گوگل+

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Google+ خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

درحال اتصال به %s


%d وب‌نوشت‌نویس این را دوست دارند: