Hakykaty aýtmak pursady

Sanlyja günden şahyr Şiraly 70 ýaşaýar. Ýetmiş ýyl şahyr üçin agyr göreş hem ýowuz synag boldy. Ol bu ömürde uly hyzmaty amala aşyrdy.

Oýanyş

Her bir täze ugur öz gözbaşyny uly medeniýetden alyp gaýdýar. Ýöne gözbaşda belli adamlar durýar. Türkmen edebiýatynyň Gaýtawul beriş ugrunyň başynda şahyr Şiraly durdy. Şol agyr hyzmata onuň bir özi hötde geldi. Bu edebiýat 90-njy ýyllaryň başlaryndan ýüze çydy.

Şahyr Şiraly.

Şahyr Şiraly.

Şol döwürde ýurda Kommunistik partiýa agalyk edýärdi. SSSR dünýädäki iň kuwwatly hem haýbatly imperiýa saýylýardy.

Bir güýç beýleki bir garşylygy döredýär. Kommunistik düzgüniň garşysyna owaly almaataly ýaşlar – gazak studentleri çykdylar. Soňra Baltika ýaka döwletlerinde oýanyş başlandy. Aýratyn-da Litwa hem Gruziýa öz garaşsyzlygyny talap edip başladylar. Her bir galkynyş adam pidalary, gan dökmek hem türme çäreleri bilen basylyp ýatyrylýardy. Ýöne ol barha giňäp barýardy.

Dürli halklaryň, dürli respublikalaryň arasyndaky öňe sürülýän talaplar meňzeşdi hem esasan almaataly ýaşlaryň ideýasyna ugurdaş bolup, ýurduň Döwlet dili öz ene dili bolmaly, ýurda Moskwa däl-de, milli kadrlar ýolbaşçylyk etmeli, Kommunistik partiýa alternatiwada durýan beýleki partiýalara rugsat bermeli, saýlawlar görkezilen adama ses üçin däl, birini seçip-saýlamak esasynda geçirilmeli diýilýärdi.

Şahyr Şiraly we onuň aýaly Maral.

Şahyr Şiraly we onuň aýaly Maral.

Tanalmaýan türkmen

Türkmenistanda erkinlik ugrundaky oýanyş duýulmaýardy. Şahyr Şiraly “Men türkmen gözledim” goşgusynda özüniň birwagtky azatlyk söýen milletini tanap bilmeýändigini aýtdy.

Gözüm ýaşarýança seretdim, ýöne

Tanamadym Taňry gargan milleti.

Şahyr milletiň düşen ýagdaýyna haýran galdy.

Bilmedim, ne döw çaldy türkmene,

Argyşdan gelen dek süýji ýatyr ol.

Için hümledip ýör ýeke-ýekeden,

Üýşürseňem el çarpyşyp otyr ol.

Şahyryň sesi

Açykdan-açyk hakykaty aýtmak pursady gelip ýetdi. Şahyr görüp duran hakykatyny, töwerek-daşynda bolup geçýän ýagdaýy aýtman saklanmagy özüne peslik bildi.

Gör, kime şam boldy, baýlygyň, aşyň,

Galdyr ýüzüň, gara töwerek-daşyň!

Diňe ar-namys diýp goýupdyň başyň…

Nätjek, bu gün namysdanam ölmediň.

Aslynda şahyryň sesi halk köpçüligine ýetipdi. Ony diňleýärdiler hem dymýardylar. Diýmek, makullaýardylar. Ýöne şahyryň sözüni baýdak edinip, öňe çykyberen bolmady.

Şahyr bolsa öz göreşini dowam etdirdi.

Eý, Taňrym!

Meniň şeýle halkym bardy – buýsançly!

Şeýle bir merdemsi, şeýle namysjaň…

Garşy durmak

Eýsem halky kim beýle ruhy gapyllyga saldy? Onuň ruhuny kim öçürdi? Elbetde, ilki kolonial sütem, soňra bolsa şol kolonial düzgüne hyzmat edip gelen ýolbaşçylar.

Şahyr agalyk edýän syýasy düzgüniň başynda kimleriň durandygyny görmegi başardy. Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň şol wagtky 1-nji sekretary Saparmyrat Nyýazowa ýüzlenip: “Sapar jan, saňa näm boldy?” diýdi.

Beýleki bir goşgusynda:

Saparmyrat hanymyz,

Ýuwa-ýelmik nanymyz –

diýip, onuň nähili serdardygyny aýtdy.

Ol S. Nyýazowy ýeke goýmady. Onuň töweregindäkileri hem atma-at agzap geçdi. Ol görlüp-eşidilmedik hakykaty aýtdy. Ol islenilýän, emma hiç kimiň dili öwrülmeýän hakykaty aýtdy. Şol döwürde munuň bir çeti gulagyna baryp ýeten S. Nyýazow: “men seni türmä basdyraryn” diýip, köpçüligiň arasynda şahyra haýbat atdy.

Şeýlelikde, bolmaly iş amala aşdy. Şahyr öz sözüni köpçülige ýetirdi. Bu gadymy toprakda beýle açyk hakykat ummasyz köp wagtlap bolmandy. Şahyryň sözi her bir öýe, her bir türkmene baryp ýetdi.

Şol ýowuz hem açyk hakykatdan soň, S. Nyýazowy öwýän hem götergiläp, arşa ýetirmek isleýän şahyrlar köpelip başlady. Onuň şanyna “ak saçly perişde”, “serdar” şekilli aýdymlar döretdiler. Döwlet ýolbaşçysy saçyny gara reňke boýadansoň, ony pygamber atlandyryp başladylar. Ýurduň baş şahyrlaryndan biri oňa hut “Alla!” diýip ýüzlendi. Şahyryň dakan “Sapar jan” adyny welin hiç kim aýryp bilmedi.

Prezidentiň beýik derejeleri barada şeýle diýdi.

Wagtlaýyn bolsaň, pygamber dälsiň,

Adam dälsiň gelen bolsaň ömürlik.

Hak söz ýol aldy.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

01.12.2015

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

kimden: Araz Perwiş nireden: Germaniýa

02.12.2015 13:56
Türkmeniň öz içki dinamikasyndan gelip çykan jemgyýetçilik formasiýasy bolmaýşy ýaly, onuň garaýyş hem gymmatlyklaryny aňyna siňdirip, kemsiz ýetişen intellektuallarynyň hem bardygyna ynanamok. Ýöne Şiraly Nurmyrat bir aýratynlyk. Kimligi şikesli türkmen koloniýal gulçulykdan ýaňa dargan ruhy dünýäsini görjek ýa özüne düşünjek bolsa, şahyryň şygyrlaryny okamaly.

kimden: Juma

05.12.2015 14:18
Araz Perwiş, Şiraly, Berdinazar Hudaýnazar aýýtmyşlaýyn Beýik Şahyr.BU hakykat barada hiç kili şübhe ýok. Şeýle adamlaryň barlygam bolanlygam türkmen üçin buýsanç çeşmesi. Intellektuallaryň barlygyna ynanmaýanlygyňyz elbetde sylaga mynasyp pikir, ýöne içki dinamikadan ugur alýan içki pelsepäniň garyşyk garaýyşlarynyň esasynda dörän pikirleriň sowet döwründe-de we garaşşyzlyk döwründe-de bardygyny hemmämiz bilýäs. Atlaryny agzamaly bolsa olaryň arasynda Annasoltan Kekilowa, sekulýar azatlygyň wekili, hiç hili milli, etniki, ýerli dinamikadan garşsyz hem özbaşdak erkinligin nusgasy hem simwoly. Annasoltan ýaly adamlaryň pelsepesindäki erkinlik jemgyýetçilik formsiýadan hem özbaşdakdygynyň görkezijisi, eýsem şeýle bolmagy, diasporalarda döreýän milliligiň hem ýokarky derejesi, has ýokary formasy dälmidir? Ýa-da Tirkiş Jumagledi, ýa-da Rahym Esen, ýa-da Babpa Gökleň we meniň bilmeýan ençeme ýene şahyr ýazyjylar. Totalitarizmiň irginsiz basyşlaryna garamazdan şu adamlar özleriniň päk pikirlerini gorap saklap adamlara ýetirmek arzuwy eýsem bu inetellektuallygyň mysaly däl-de nämekä? Kimlikler hem özleriniň tebigy we daşyndaky şertlerine görä şekillenýar. Kimi şol duygyny öz ruhunda has köpräk duýup başgalaň dünýäsine baha bermek ýaly kemçilige hem ýol berip bilýärler. Ýone elbetde hem adamyň ýagdaýyna görä pikir ýoretmek has dogry bolýan bolsa gerek.

Azatlyk Radiosy

یک پاسخ to “Hakykaty aýtmak pursady”

  1. fereydoon diyeji 007 Says:

    hurmatli shiraly uzagh yashasin.dar keshwarhaye tazeh esteghlalyafteh ba pardakhte chandsad dolar mishawad madrake doctora gereft,midanam ke rabti be mozoo nedarad.ba drood be shiraly

پاسخی بگذارید

در پایین مشخصات خود را پر کنید یا برای ورود روی شمایل‌ها کلیک نمایید:

نشان‌وارهٔ وردپرس.کام

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری WordPress.com خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

تصویر توییتر

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Twitter خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

عکس فیسبوک

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Facebook خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

عکس گوگل+

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Google+ خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

درحال اتصال به %s


%d وب‌نوشت‌نویس این را دوست دارند: