Taryhçy alym Arne Goliniň Täze kitaby çapden çykdy

Türkiýäniň ULUS kitapevi tarapyndan A.Goliniň «Demirgazyk Türkmenistanda Jüneýit hanyň Rus basybaljylara garşy göreşi» diýen kitaby çap edilip okuwjylar köpçüligine gowşurylýar. Kitabyň girişinde şeýle setirler bar:
15057981_1255657027810799_754474069_n
Taryhçy alym A. Goli bu ylmy-barlag işinde, Jüneýt hanyň göreş  ýoluna syn edip, hanyň erkinlik ugrundaky söweşleri bilen bagly dürli döwletleriň arşiwlerinde, kitaphanalarynda we ylmy merkezlerinde saklanýan dokumentleri,  ýazylan monografiýalary, makalalary ýygnap, ilkinji gezek bu göreşler dogrusynda analiz esasynda, dolurak hem kämilräk maglumat bermäge synanşýar. Bu eseriň göwnüňizden turjagyna ynanýarys.

Taryh Türkmenlere gazaply bakdy. Her bir taryhy döwürde, her bir ösüş tapgyrda, Türkmen halky birleşip, kesgitli ösüş formasyna eýe bolup başlanda, daşky güýçler, uly wakalar ony başlangyjynda bogdy. Bu diňe1917-nji ýyldan ozalky döwürde, Türkmenleriň rus patyşasyna garşy göreşler we 30-40 ýyllap koloniýal zulumy astynda galmagyna we Türkmenistanda1917-nji ýyldan soňky wakalara degişli bolman, şonuň ýaly-da 1929-njy ýylda başlanan mejbury kollektiwleşdiriş/kolhoz gurluşygy bilen baglanşykly wakalara hem degişlidir. Türkmenler, ynkylap ugrundaky göreşler we grajdanlyk /içerki urşy ýyllarynda, açlyk we bosa-bosluklardan dyýnyp, ýaňja gurlan Türkmenistan döwletine birigip we parahatçylykly gurluşyk döwrüne geçip başlan bir wagtynda, bu gezek oba hojalygy mejbury kollektiwleşdiriş we şonuň esasynda baý-kulaklary synpy göreş esasynda ýok etmek syýasaty, tutuş durmuşyny we ýurdunyň ykdysadyýetini düýpli çaýkady, şol sanda Türkmen jemgiýetçilik-syýasy ösüşini 40-50 ýyl gaýra saldy. Emma beýle ýagdaýa boýun egmedikler, oňa garşy göreşenlerem az bolmandy. Şolardan Jüneýt hanyň ýolbaşçylygyndaky umumy demirgazyk Türkmenistandaky gozgalaňa nazar aýlaýarys.
ULUS KITAPEVİ
ANKARA

2 پاسخ to “Taryhçy alym Arne Goliniň Täze kitaby çapden çykdy”

  1. ALPERTÖNNE Says:

    حورماتلی جوما! ساغبولونگ دینگه سیز و سیزینگ یالی دوست-دوغانلارینگ شئیله آرمالاری آدامینگ یاداووینی آزادلدیارو قووات بریأر.

  2. جوما Says:

    قولينگ آغيرماسين حورمتلى آرنه، غايرات ات.

پاسخی بگذارید

در پایین مشخصات خود را پر کنید یا برای ورود روی شمایل‌ها کلیک نمایید:

نشان‌وارهٔ وردپرس.کام

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری WordPress.com خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

تصویر توییتر

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Twitter خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

عکس فیسبوک

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Facebook خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

عکس گوگل+

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Google+ خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

درحال اتصال به %s


%d وب‌نوشت‌نویس این را دوست دارند: