Gurbannepesow K. Menzil. Goşgular hem liriki poemalar. A., «Türkmenistan», 1979.
«Mirasym topary», 2024 ý. 575 sah. Elektron görnüşinde täzeden işlenen kitap. Kerim Gurbapnepesowyň ýaşlyk hyjuwyndan, göçgüninden doly, ter duýgulara eýlenen eserleri halkyň çuňňur söýgüsine mynasyp boldy, şahyra bolsa ykraryýet, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi diýen mertebeli atlary getirdi. Eliňizdäki tomlukda şahyryň goşgulary hem-de liriki poemalarynyň ikisi ýerleşdirildi.
«Näçe gyt bolsa-da ussat – diýdiler, Çyn şägirt ondanam gyt zat!» diýdiler. Kerim Gurbannepesow Mähriban okyjylar! Eliňizdäki elektron görnüşindäki tomluk kitap «Mirasym» topary tarapyndan 1979-njy ýyldaky neşiri hiç-hili üýtgedilmezden rus elipbiýinden türkmen milli elipbiýine geçirildi. 1995-nji ýylda «Oýlanma baýry» ady bilen neşir bolan kitapda käbir goşgular çap edilmändir, käbir goşgular bolsa gysgaldylan görnüşde alnypdyr. «Mirasym» topary ol goşgulary öz bolşy ýaly ýerleşdirdi.